handporn.net
Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynyň binasy düýpli abatlanylar | Gurluşyk

Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynyň binasy düýpli abatlanylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynyň binasy düýpli abatlanylar
Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynyň binasy düýpli abatlanylar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynyň binasyny döwletiň merkezleşdirilen düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna düýpli abatlamak işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçyny saýlap-seçip almak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi. Bu bäsleşik “Türkmenistan” gazetinde şenbe güni çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýän taraplar oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine resmi hat üsti bilen ýüz tutmaly hem-de degişli möçberde töleg geçirmeli. Taraplar degişli möçberde töleg geçirenden soňra, bäsleşige degişli resminamalary alyp bilerler.

Gatnaşyjylaryň bäsleşik teklipli bukjalary Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň edara binasynda 2024-nji ýylyň 25-nji maýyna çenli kabul edilýär.

2022