handporn.net
Türkmenistanda raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak meýilleşdirilýär | Jemgyýet

Türkmenistanda raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisi, 2022-nji ýylyň 20-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanda uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça döwlet inspektorlaryny taýýarlamak hem-de awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli gözegçi ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak işini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mämmethan Çakyýewiň habar bermegine görä, raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak işini “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy (ECAC) tarapyndan bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory bu halkara okuwlaryň ýola goýulmagy bilen, diňe türkmen hünärmenlerini däl, eýsem, daşary ýurtly hünärmenleri-de taýýarlamaga mümkinçiligiň dörediljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda halkara guramalar bilen ýola goýulýan gatnaşyklary berkitmegiň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini belledi hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasy we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy tarapyndan okuwlary guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

2022